سیدی Seýdi

سیدی Seýdi

Seýdi Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär

Owadan

Owadan

Eý agalar, ol obada

Bir gelin gördüm owadan.

Dilber meniň aklym aldy,

Näzenin gördüm owadan.

Sallanyp öýden çykyşy,

Gözün gypyp, gaş kakyşy,

Ak ýüze zülpün döküşi,

Näzenin gördüm owadan.

Barar idim men ýol bilen,

Sowuldym bir hyýal bilen,

Duşup Dursunjemal bilen,

Näzenin gördüm owadan.

Seýdi diýer, arman-arman,

Arman, galdym bir ýalbarman,

Tapylmaz derdime derman,

Älhepus, gördüm owadan.

سیدی Türkmen şahyry: Seýdi
نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد