-
اشعار انتخابی سیدی Seýdiniň saýlanan goşgulary
دوشنبه 8 مرداد 1403 19:51
Seýdi – Goşgular Türkmen Sähra Kitaphanasy b log-a geçirildi. Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda. MAZMUNY سیدی Seýdi Timar, Hatyja Gel, Arzygül, görüşeli! Jigi-jigi Owadan Bir gelin Saňa näm boldy Ärsarynyň ýigitleri Bedewsuwar indi Aýryldyk Pisada döndi Seni ynjytmaýa Harap eder Soltan, Hatyja Beter,...
-
Gal indi
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:28
Gal indi Ozalda şum boldy meniň kysmatym, Ygtybarsyz ýalan jahan, gal indi! Menzilim, mesgenim, ýurdum, watanym, Ygtybarsyz ýalan jahan, gal indi! Gowga güni Rüstem kibi gyzdygym, Tora düşüp, jandan umyt üzdügim, Başym silkip, serhoş bolup gezdigim, Eşretli sürdügim döwran, gal indi! Bendilikde ygtybar ýok bizlerde,...
-
Galdyň, hoş indi
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:24
Galdyň, hoş indi Gider boldum indi üşbu watandan, Jebir gören iller, galdyň, hoş indi. Hiç unutman, janym çyksa bu tenden, Süýji sözlän tiller, galdyň, hoş indi. Kätmen urup, elem tartyp, nan berdim, Ara ýolda jepa çekip, jan berdim, Hyrajyň, salgydyň örän kän berdim, Jepalyja çiller, galdyň, hoş indi. Küňňüreli howla...
-
Lebap, hoş indi
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:21
Lebap, hoş indi Sakar halky bilen ärsary bolup, Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş indi, Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp, Kimse çekip dürli azap, hoş indi. Kinämiz ýok sen gadyrdan watandan, Ynjadyk Mirhaýdar ýerler ýuwtandan, Tä ölinçäk üstümizden ötenden, Gezsek gerek seni sorap, hoş indi. Seniň üçin jepa çekdik,...
-
Çykyp gideliň
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:18
Çykyp gideliň Il birlik etmedi bize, ýigitler, Geliň, bu watandan çykyp gideliň! (Duşmanyň) ýalyna öwrenen itler Gitmese, boýnuna kakyp gideliň! Syndyrmaňlar goçaklaryň badyny, Ýitirdiňiz ärsarynyň adyny, Indi möwlam berse iliň dadyny, «Lahowla-billany» okyp gideliň! Begleriň ýüzüne gara çekildi, Anyň üçin abraý ýere...
-
Sagat gütse gerekdir
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:15
Sagat gütse gerekdir Soltannyýaz begniň toýuna indi Müneçjimler sagat gütse gerekdir. Gelen dosty gitmän öýüne indi, Hyzmat edip munda ýatsa gerekdir. Çar tarapa çapar gitdi hat bile, Hoş lybaslar geýip, ýüwrük at bile, Gelse gaýy ili hem baýat bile, Owal altyn gabak atsa gerekdir. Başdan-aýak külli ärsary gelip,...
-
Mübärek olsun
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:10
Mübärek olsun Eý, garawul begi, Lebapdan gaçyp, Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun! Mirhaýdaryň külli baryndan geçip, Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun! Harazminde sürüp dürli «eşreti», Görüp geldiňizmi, ol han «hezreti?» Imdi hiç görmeýen gamy-hesreti, Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun! ... eýleban uzak endişe, El urupsiz...
-
Döwrany bardyr
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:06
Döwrany bardyr Işabaşy ogly Soltannyýaz begiň Bu dünýäde dürli döwrany bardyr. Bedew münüp ýagşy ýigitler bilen, Günde çoh sapaly seýrany bardyr. Hemişe ýörüşi hüňker tutumly, Sözlese, her kime sözi ötümli, Subhy-şam jöwlany bolan ýetimli, Hak bereket beren aş-nany bardyr. Çyn begdir, hiç zatdan ýokdur perwaýy, Her...
-
Baraýlyň
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:02
Baraýlyň Duşman geldi Lebap boýun ot eýläp, Turuň, begler, ol döwüşe baraýlyň! Şahymerdan Murtezany ýat eýläp, Boluň, begler, şol soweşe baraýlyň! Är ýigitler gazat güni çykanda, Düldül böküp, asman saýy bakanda, Çaýlar dolup, gyrmyzy gan akanda. Är deý durup, şol söweşe baraýlyň! Görogludan şu gün alyp tilsimi,...
-
Görülsin indi
یکشنبه 7 مرداد 1403 22:00
Görülsin indi Gorky ede-ede ryswamyz çykdy, Her ne nesip bolsa, görülsin indi! Zalym duşman ahyr ýurdumyz ýykdy, Köp ýatdyk, ýaranlar, turulsyn indi! Möwlam bermiş bize niçe galany,— Kytnamy, Perwerdi, Halaç, Çylany, Başdan-aýak ýygyp hurdu-kelany, Zalym beg üstüne ýörülsin indi! Gaýrat edip, şirin jandan geçeli,...
-
Boldugy bardyr
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:57
Boldugy bardyr Biziň ärsarynyň goç ýigitlerniň Her zaman başy jem boldugy bardyr; Mejlis içre gülgün şeraplar içip, Şady-horram oýnap güldügi bardyr. Türpe edeplidir otursa-tursa, Bary gulak goýar, biri gep ursa, Her ýerde özünden ulyny görse, Onuň gadryn ýagşy bildigi bardyr. Ýagşysy, ýamany aýly-saýlydyr, Ata çyksa,...
-
Dönmenem, begler
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:54
Dönmenem, begler Watan üçin çykdym gyr at üstüne, Tä janym çykynça, dönmenem, begler! Dikdir serim, düşmen duşman astyna, Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler! Ilim üçin şirin jandan geçer men, Düldül münüp, ganat baglap uçar men, Namart dälem, hakdan kasam içer men, Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler! Ýesir...
-
Çagdyr bu çaglar
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:51
Çagdyr bu çaglar Ölçerme odumy, gozgama derdim, Dert başymdan aşan çagdyr bu çaglar. Nadanmyşam, bir biwepa dil berdim, Ýardan köňlüm sowşan çagdyr bu çaglar. Şunça jepa çekdim, bolmady paýym, Bu nalyşym eşitmedi hudaýym, Gökdäki röwşenim — ýyldyzym, aýym Halka urup ýaşan çagdyr bu çaglar. Gahba pelek otyr çarhyn ters...
-
Ýaňaklaryň alyna
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:48
Ýaňaklaryň alyna Söwdügim, gül özün para eýlemiş, Reşk ediban ýaňaklaryň alyna. Akmaga gül özün para eýlemiş, Ynanyp, dünýäniň mekru-alyna. Şirin lebiň meňzär asala, ganda, Men senden aýrylyp, gideýin kanda? Yşkyňda gark olmuş jigerim ganda, Ynanmasaň, bakgyl eşkim alyna. Ýar ýaryny, ýarym, söýen ýaraşyr, Gel birzaman...
-
Ahy-zar olar
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:44
Ahy-zar olar Garasaç jan, seni gören kişiniň Gije-gündiz işi ahy-zar olar. Höziri bolmaýyn ýazu-gyşynyň, Hesretiňde ýörüp, ömri har olar. Meni sen öldürdiň gara göz bile, Bagrymy eretdiň şirin söz bile, Husn içinde elli bile, ýüz bile Bäs eýleseň, hemme şermysar olar. Sen bezenip, haçan çyksaň daşary, Turuzar sen...
-
Beter, Hatyja
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:41
Beter, Hatyja Arzymy eşitgil, eý, söwer ýarym: Günbe-günden derdim beter, Hatyja! Yşkyňda galmady namysym, arym, Munça jebr eýlediň, ýeter, Hatyja! Men seniň yşkyňdan gelip men dada, Gel, jebr etme indi mundan zyýada, Gözleriň ogşaýdyr mysal jellada, Müjgän tygyň jandan öter, Hatyja! Takat ýok, görmesem gara gözüňi,...
-
Soltan, Hatyja
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:38
Soltan, Hatyja Goýmaz rakyp görnüşiňe gelmäge, Gözeller içinde soltan, Hatyja! Bir gün gülli desmal içinde gözgi Eýlär men sen tarap rowan, Hatyja! Gizli derdim saňa eýlesem haly, Bilenler aşyk diýr, bilmedik—däli, Gözgüýe bak, göter gülli desmaly, Bolsun biz garypdan nyşan, Hatyja! Derdim köpdür, maňa tebip duş...
-
Harap eder
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:35
Harap eder Çaparman algyr ýigidi Ahyr galla harap eder. Çyra ýanmaz gök ýüzünde, Degse, gülle harap eder. Baryşsaň mert bile baryş, Namartlardan bitmez her iş, Neri ýörüş, aty ýaryş, — Uzak pelle harap eder. Almak üçin il gezer pir, Ýyl-ýyldan nebsi güýç getir, Her ýetenler: «Sopy men» diýr, Gury selle harap eder....
-
Seni ynjytmaýa
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:32
Seni ynjytmaýa Barsaň bir merdiň ýanyna, Hergiz seni ynjytmaýa. Jan goşsaň namart janyna, Walla, ol hiç ýer tutmaýa. Her wagtda bir duş geler, Ýaz ötüp, ýene gyş geler, Mert elinden çoh iş geler, Namartdan bir iş bitmeýe. Panydyr bu dünýä, pany, Ýokdur hiç kime paýany, Bedasylyň bir nyşany — Ýüz görüp, köňül güýtmeýe....
-
Pisada döndi
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:28
Pisada döndi Bu ýyl bir ýaman ýyl bolup, Haýr işler pisada döndi. Ähli-diller bidil bolup, Şatlygy naşada döndi. Zebun geçdi niçe aýlar, Örtendi pakyrlar, baýlar, Ne ajaýyp abat jaýlar Ýykyldy, bibada döndi. Garny doýman aşdan-nandan, Halaýyklar geçip jandan, Begzadalar çykyp sandan, Maslahat betzada döndi. Süýthor...
-
Aýryldyk
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:24
Aýryldyk Eý agalar, arman bilen Dürli döwrandan aýryldyk. Il bolup Rahym han bilen, Haýdar soltandan aýryldyk. Bedew münüp, begres geýen, Ne näzi-nygmatlar iýen, Köp eşretli Lebap diýen Bir gadyrdandan aýryldyk. Girdik bir çöli-mugana, Suw içmedik gana-gana, Uçradyk azaby-käne, Rahaty-jandan aýryldyk. Ärsarynyň ady...
-
Bedewsuwar indi
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:20
Bedewsuwar indi Ýörsün gyzylbaş üstüne Niçe bedewsuwar indi. Läş dökülsin läş üstüne, Alynsyn hemme ar indi. Baryp ülkesin çapaly, Üýnüne suwlar sepeli, Ar alyp, abraý tapaly, Ýar olsa biribar indi. Sapar esbaby şaýlansyn Hem ýagşy-ýaman saýlansyn, Bir mert daşyndan aýlansyn, Namartdan set bizar indi. Uýat gelse...
-
Ärsarynyň ýigitleri
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:17
Ärsarynyň ýigitleri Her ýerde çoh abraý tapar Ärsarynyň ýigitleri. Ganym görse, dogry deper Ärsarynyň ýigitleri. Hiç zada salmaz nazarlar, Daýyma mestan gezerler, Hem okyrlar hem ýazarlar Ärsarynyň ýigitleri. Orta ýerde top dikerler, Iki ýanda sap çekerler, Watan üçin gan dökerler Ärsarynyň ýigitleri. Özi Hatam...
-
Saňa näm boldy
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:14
Saňa näm boldy Ala gözli ablaksaýat, Saňa näm boldy, näm boldy? Şähdi-şeker dilleriňden Sözle, näm boldy, näm boldy? Talandy, göwnüm talandy, Bakyşyň janym alandy, Ak göwsüň bäri dolandy, Saňa näm boldy, näm boldy? Sen otyrsyň serhoş eýläp, Göreniň bagryn daş eýläp, Gel, ikimiz meý noş eýläp, — Saňa näm boldy, näm...
-
Bir gelin
یکشنبه 7 مرداد 1403 21:10
Bir gelin Eý agalar, ol obada Bize kän güldi bir gelin. Ala ýaglyk, akja pada, Bize kän güldi bir gelin. Işigine bardym sorup, Nije habar berdim durup, Belki, bizden ýaman görüp, Bize kän güldi bir gelin. Gül açylar çygy bilen, Dildi bagrym tygy bilen, Çep gözüniň gyýgy bilen Bize kän güldi bir gelin. Ýar ýolunda...
-
Owadan
شنبه 6 مرداد 1403 22:19
Owadan Eý agalar, ol obada Bir gelin gördüm owadan. Dilber meniň aklym aldy, Näzenin gördüm owadan. Sallanyp öýden çykyşy, Gözün gypyp, gaş kakyşy, Ak ýüze zülpün döküşi, Näzenin gördüm owadan. Barar idim men ýol bilen, Sowuldym bir hyýal bilen, Duşup Dursunjemal bilen, Näzenin gördüm owadan. Seýdi diýer, arman-arman,...
-
Jigi-jigi
شنبه 6 مرداد 1403 22:16
Jigi-jigi Ýar, meniň golumy tutup, Ýanyňa al, jigi-jigi! Ýa sen güle-güle ötüp, Bu ýana gel, jigi-jigi! Seniň raýyňa garaýyn, «Gel» diýseň, ötüp baraýyn, Herne işiňe ýaraýyn, Goýsa ajal, jigi-jigi! Rehm edip, bakgyl gözüme, Bir gülüp bakgyl ýüzüme, Şu sapar herne sözüme Etme bedel, jigi-jigi! Waspyňy ýagşy ýazaýyn,...
-
Gel, Arzygül, görüşeli!
شنبه 6 مرداد 1403 22:13
Gel, Arzygül, görüşeli! Gurbanyň bolaýyn, gaçma, Gel, Arzygül, görüşeli! Uýalsaň, ýüzüňni açma, Gel, Arzygül, görüşeli! Meniň bozuk köňlüm dyndyr Rakyplar boýnuny syndyr, «Bu» diýp durmak ýaman kyndyr, Gel, Arzygül, görüşeli! Men aşygam, gözüm ýaşly, Synam dagly, bagrym daşly Gara gözli, galam gaşly, Gel, Arzygül,...
-
Timar, Hatyja
پنجشنبه 4 مرداد 1403 15:00
Timar, Hatyja Gözi gara, gaşy gara, Zülpleri timar, Hatyja! Ýüregime saldyň ýara, Eýlediň bimar, Hatyja! Gözüňe sürme ýaraşar, Biliňe tirme ýaraşar, Saçyňa örme ýaraşar, Saçlary şamar Hatyja. Bagyňda toty-gumrular, Yzyňda jahyl-jümrüler, Göwsüňde goşa ýumrular Almamydyr nar, Hatyja? Seýdi diýer, bu şertlere, Başladyň...
-
سیدی Seýdi
پنجشنبه 4 مرداد 1403 14:39
Seýdi – Goşgular .Türkmen Sähra Kitaphanasy blog-a geçirildi .Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda «ÝEDIGEN» kitaphanajygy Seýdi «TURAN» Aşgabat, 1991 Kitapça türkmen klassygy Seýitnazar Seýdiniň goşgulary girizildi. «Ýedigen» kitaphanajygy – Aşgabat, «Turan» neşirýaty, 1991. — TSSR-iň halk ýazyjysy...