سیدی Seýdi

سیدی Seýdi

Seýdi Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär

Bir gelin

Bir gelin

Eý agalar, ol obada

Bize kän güldi bir gelin.

Ala ýaglyk, akja pada,

Bize kän güldi bir gelin.

Işigine bardym sorup,

Nije habar berdim durup,

Belki, bizden ýaman görüp,

Bize kän güldi bir gelin.

Gül açylar çygy bilen,

Dildi bagrym tygy bilen,

Çep gözüniň gyýgy bilen

Bize kän güldi bir gelin.

Ýar ýolunda çekdim arman,

Ötdi ömrüm bir ýalbarman,

Sorasam, bir jogap bermän,

Bize kän güldi bir gelin.

Seýdi diýer, saldyň nazar,

Yşk ýolunda çekdim azar,

Gözi Meňlihana meňzär,

Bize kän güldi bir gelin.

سیدی Türkmen şahyry: Seýdi

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد