سیدی Seýdi

سیدی Seýdi

Seýdi Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär

Ärsarynyň ýigitleri

Ärsarynyň ýigitleri

Her ýerde çoh abraý tapar

Ärsarynyň ýigitleri.

Ganym görse, dogry deper

Ärsarynyň ýigitleri.

Hiç zada salmaz nazarlar,

Daýyma mestan gezerler,

Hem okyrlar hem ýazarlar

Ärsarynyň ýigitleri.

Orta ýerde top dikerler,

Iki ýanda sap çekerler,

Watan üçin gan dökerler

Ärsarynyň ýigitleri.

Özi Hatam çöreklidir,

Hemme arslan ýüreklidir,

Seýilhanda gereklidir

Ärsarynyň ýigitleri.

Iki ýana elleşerler,

Alar awyn belleşerler,

Oljany hup telleşerler

Ärsarynyň ýigitleri.

Seýdi diýer, bu jahanda

Ölse, arman ýokdur onda,

Mugtaberdir seýilhanda

Ärsarynyň ýigitleri.

سیدی Türkmen şahyry: Seýdi

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد