سیدی Seýdi

سیدی Seýdi

Seýdi Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär
سیدی Seýdi

سیدی Seýdi

Seýdi Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär

سیدی Seýdi

Seýdi – Goşgular

.Türkmen Sähra  Kitaphanasy blog-a  geçirildi

.Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda


«ÝEDIGEN» kitaphanajygy

Seýdi «TURAN»

Aşgabat, 1991

Kitapça türkmen klassygy Seýitnazar Seýdiniň

goşgulary girizildi.

«Ýedigen» kitaphanajygy – Aşgabat, «Turan»

neşirýaty, 1991.

TSSR-iň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen.

Redaktor-düzüji: Tejen Nepesow.

Neşir üçin jogapkärler: Kömek Kulyýew, Anna Sous.

Suratçylar: Sülgün, Myrat, Annaguly Hojagulyýewler.

Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş  taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim.com» sahypasy bu işdäki informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

PDF-a geçirildi: 22. Aprel 2013 «Enedilim. com» sahypasynyň kitaphanasy.


MAZMUNY

SEÝDI

(1775 – 1836)

Seýdi Lebap boýunda, Garabekewüliň Lamma obasynda dogulýar. Ol Lebap we Buhara medreselerini geçýär. Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Şol wagtda Buhara merkezi bolan "Diwan" poeziýasyny çuň özleşdirýär. Nowaýy (Hyrat) we Fuzuly (Kerkuk) mekdebi oňa ýat däl. Hatyja – yşky poeziýany, Buhara agalygyna garşy göreşler söweşjeňlik poeziýasyny oýarýar. Syýasatda milli-azatlyk aýdymçysy. Tebigaty serkerde bu şahyr käte Soltannyýaz begiň täsirinde bolýar. Poeziýa onuň söweş gimnleridir, ýöriş surnaýydyr. Buharanyň hüjümleri Seýdini gözel Lebapdan aýryp, Mara tarap kowýar. Ol Mary-Hywa gepleşiklerinde uly figura. Mary we Maşat gatnaşyklarynda-da Seýdi görünýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär. Real söweşjeňlik ruh we anyk taryhy material


bu poeziýada has aktiw. Seýdiniň "Diwanynyň" bir göçürme nusgasy mälim.

Seýdi – bu söweşjeňligiň simwoly. Seýdiniň golunda galam we gylyç deň oýnaýar.


Tejen Nepesow