سیدی Seýdi

سیدی Seýdi

Seýdi Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär
سیدی Seýdi

سیدی Seýdi

Seýdi Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär

Lebap, hoş indi

Lebap, hoş indi

Sakar halky bilen ärsary bolup,

Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş indi,

Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp,

Kimse çekip dürli azap, hoş indi.


Kinämiz ýok sen gadyrdan watandan,

Ynjadyk Mirhaýdar ýerler ýuwtandan,

Tä ölinçäk üstümizden ötenden,

Gezsek gerek seni sorap, hoş indi.


Seniň üçin jepa çekdik, jan berip,

Ekin ekdik, doga aldyk, nan berip,

Hyrajyny-salgydyňy kän berip,

Gezdik köp işiňe ýarap, hoş indi.


Zowky-sapa sürüp, bir niçe ýyllar!,

Seni diýp oturdy munda köp iller,

Pil urup düzülen atyzlar-çiller,

Eýesiz galdyňyz garap, hoş indi.


Haknyň bergenine edip kanagat,

Oturmyşdyk tapyp aýşy-parahat,

Söhbet üçin bina bolgan ymarat,

Galar bolduň itler ýalap, hoş indi.


Ýüz elwan miweli bagy-bostanlar,

Hoş öten baharlar hem zemistanlar,

Sizden araňyza niçe destanlar

Salyp galgan kurhan-kitap, hoş indi.


Sizler bizden tapmaýasyz webaly,

Ýok idi hiç kimiň gitmek hyýaly,

Bakjalaryň näzik biten nahaly,

Oturyň başyňyz yrap, hoş indi.


Gülşende sebz olup açylan güller,

Dost ile ýanaşyp ýörüşen ýollar,

Bize pata üçin göterip gollar,

Bolmady sizlerden jowap, hoş indi.


Özge begler Mirhaýdara höwesdir,

Bilseňiz, ol halkyň ykbaly pesdir,

Bize Soltanýazyň begligi besdir,

Gaharguly, hana harap, hoş indi.


Ýüz elli ýyl watan diýip gezildi,

Ekinler ekildi, ýaplar gazyldy,

Müň iki ýüz bir kem kyrkda ýazyldy,

Taryhyn etseňiz hasap, hoş indi.


Seýdi diýer, indi tükendi sözüm,

Gideýin, sizleri görmesin gözüm,

Gol aýagyň her ýan uzadyp, üzüm,

Ýat parahat, başyň büräp, hoş indi.


Türkmen şahyry: Seýdi سیدی